Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz tankytçysy Bişkekden gaçdy


 Uran Botobekow
Uran Botobekow

Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmisiniň tankytçysy, jerime tölemezlik üçin, ýurtdan gaçdy.

Uran Botobekowyň garyndaşlary 27-nji ýanwarda onuň ýurtdan çykmaly bolandygyny, sebäbi Bişkek şäher sudunyň oňa töhmet üçin salnan jerime baradaky karary güýjünde galdyrandygyny aýtdylar.

Gyrgyz prezidentiniň geňeşçisi Ikramjan Ilmiýanow geçen ýyl Botobekowy suda berdi. Ol ony 2015-nji ýylyň aprelinde Bişkekdäki habar gullugy bilen söhbetdeşlikde özüni masgaralamakda we mertebesine degmekde aýyplaýar.

Botobekow söhbetdeşlikde Ilmiýanowyň Bişkekdäki uly çaphananyň hususylaşdyrylmagynyň arkasynda bolandygyny, onuň bu ýerden peýda gözländigini aýdypdyr.

Bişkek sudy geçen ýylyň awgustynda Botobekowy günäli tapdy we onuň 23 müň 700 dollar jerime tölemegini buýurdy.

Botobekow bu kararyň syýasy matlaplydygyny aýdýar. Onuň häzirki bolýan ýeri anyk däl.

XS
SM
MD
LG