Sepleriň elýeterliligi

Orsýet OPEK bilen gepleşmek kararyna geldi


Laboratoriýa işgäri "Transneft" kompaniýasynyň Gündogar Sibir - Ýuwaş okean sistemasyndaky nebit ýataklaryndan alnan nusgalary barlaýar, Amur regionynyň Skoworodino etraby.

Laboratoriýa işgäri "Transneft" kompaniýasynyň Gündogar Sibir - Ýuwaş okean sistemasyndaky nebit ýataklaryndan alnan nusgalary barlaýar, Amur regionynyň Skoworodino etraby.

Orsýetiň nebit kompaniýalary we energiýa häkimiýetleri Saud Arabystany we nebit guramasy OPEK bilen dünýäde nebitiň bahasyny galdyrmak üçin nebit önümçiligini çäklendirmek barada gepleşik geçirmek kararyna şu hepdede geldiler diýip, Orsýetiň nebit monopolisti 27-nji ýanwarda aýtdy.

“Transneft” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Nikolaý Tokarew OPEK gurmasynyň we oňa girmeýän esasy nebit öndüriji ýurt bolan Orsýetiň arasynda geçirilmegi mümkin gepleşikleriň nebitiň bahasynyň 5% çemesi ýokarlanmagyna ýardam berip biljekdigini belledi.

Orsýetiň esasy nebit öndüriji kompaniýalarynyň ýene biri “Lukoil” Orsýetiň gepleşiklere başlamalydygyny şu hepdäniň başynda aýtdy.

Tokarewiň sözlerine görä, nebit kompaniýalarynyň we hökümet resmileriniň 26-njy ýanwarda Moskwada duşuşygynda nebitiň bahasyny saklamak üçin OPEK bilen gepleşikler zerur diýen netijä gelnipdir.

Tokarew “Esasy inisiatiwa, elbetde, biziň saud arabystanly partnýorlarymyza degişli. Olar gepleşiklerde esasy. Bu bolsa ilkibaşda olar bilen gepleşilmelidigini aňladýar” diýýär.

Gepleşik zerurlygy

Şeýle-de nebit kompaniýalarynyň Moskwadaky duşuşygynda Orsýetde nebit önümçiliginiň möçberini azaltmak meselesi hem maslahat edildi. Maslahatda nebit ýataklaryndaky işleriň gyş paslynda doňdurylandygy sebäpli, önümçiligi diňe tomusda çäklendirmegiň mümkindigi aýan edildi.

Orsýetiň Energiýa ministrliginiň wekili maslahatda OPEK bilen gepleşikleri geçirmek meselesiniň maslahat edilendigini Reuters agentligine tassyklady.

Pes bahanyň täsiri

Ýokary hilli çyg nebitiň bir barreliniň bahasy 2014-nji ýylda 115$ derejede bolanlygyndan 30 dollara çenli aşak gaçdy. Bu ýagdaý nebit öndürijiler üçin dürli kynçylyklary döretdi.

Orsýetde nebitň bahasynyň pese gaçmagy Günbataryň Moskwa garşy ykdysady sanksiýalary bilen bilelikde ykdysadyýetiň çökmegine getirdi we döwlet girdejileriniň möçberini azaltdy.

OPEK, ýagny nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň nebitiň bahasynyň pese gaçmagyndan ejir çekýän agzalary, şol sanda Wenesuela, gaz önümçiliginiň möçberini çäklendirmek arkaly nebitiň bahasyny aşak gaçmakdan saklamak isleýärler we Orsýetiň bu çärä goşulmagy üçin basyş edýärler.

Emma Orsýet geçmişde bu ädime garşy çykyş edipdi we munuň nebit bazarynda dörän ýagdaýa garşy durmakda netijeli boljagyna şübhe bildiripdi.

Orsýetiň nebit önümçiliginiň möçberi dekabr aýynda postsowet döwründäki iň ýokary derejesine ýetip, günde 10.8 million barrele barabar boldy. Bu möçber Saud Arabystanynyň nebit önümçiligine deňeçer. Saud Arabystany günde 10 million barrel nebit öndürýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG