Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Dron ABŞ-yň gämisiniň üstünden uçdy


Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi deňiz harby türgenleşik çäreleri döwründe yslam respublikasynyň gözegçilik dronynyň, ýagny pilotsyz uçarynyň Birleşen Ştatlaryň gämisiniň üstünden uçandygyny habar berýär.

29-njy ýanwarda ýaýradylan maglumatda dronyň amerikan gämisini surata düşürendigi mälim edildi, emma bu barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Bahreýniň kenaryndan Pars aýlagyna gözegçilik edýän Birleşen Ştatlaryň 5-nji deňiz floty bu barada henize çenli hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Eýran şu hepdäniň başynda 3 million kwadratmetri öz içine alýan territoriýada harby-deňiz burawlaýyş işlerine başlady. Onuň düzümine Ormuz bogazynyň, Oman aýlagynyň we Hindi okeanynyň käbir bölekleri girýär.

27-nji ýanwarda Eýran öz ýurdunyň deňiz güýçleriniň Birleşen Ştatlaryň uruş gämilerine burawlaýyş işleriniň geçirilýän territoriýasyndan gitmegi üçin duýduryş berlendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG