Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewada Siriýa gepleşikleri geçirilýär


29-njy ýanwarda Ženewada geçirilýän Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşiklerine esasy oppozision toparlaryň gatnaşmazlygy uzak wagtdan bäri garaşylýan gepleşikleriň amala aşmagyna howp abandyryp biler.

Saud Arabystany tarapyndan goldanylýan oppozision toparlaryň koalisiýasy, Siriýa hökümeti bilen gabawdaky şäherçeleriň ynsanperwer ýardam bilen üpjün ediljekdigi barada ylalaşyga gelinýänçä, gepleşiklere gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

Şeýle-de, Siriýanyň demirgazygyndaky territoriýalaryň köpüsine kontrollyk edýän “Siriýanyň Kürt halk” toparynyň wekilleri hem gepleşiklere gatnaşmaýan taraplaryň arasyndadyr.

Bu gepleşiklere kürtler çagyrylmady. Sebäbi duşuşyga gatnaşýan esasy taraplaryň biri Türkiýe gepleşiklere gatnaşjak kürt wekilleriniň ýurtda gadagan edilen “Kürt partiýasy” bilen ilteşiginiň bardygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG