Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rezaianyň türmeden boşadylmagy bellendi


Jason Rezaian (çepde) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 28-nji ýanwar, 2016 ý. Waşington.
Jason Rezaian (çepde) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 28-nji ýanwar, 2016 ý. Waşington.

“The Washington Post” neşiri özüniň Tährandaky býurosynyň başlygy Jason Rezaianyň türmeden boşadylmagyny Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen belledi.

Rezaian tussaglary çalyşmagyň bir bölegi hökmünde geçen hepde Tähranyň türmesinden boşadylypdy. Rezaian eýranly derňewçileriň özüne Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ony türmeden boşatmak üçin “barmagynam gymyldatmaýandygyny” aýdandygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde Kerri Tähranyň türmesinde saklanylan başga-da dört amerikaly bilen bir hatarda Rezainyň türmeden sag-aman boşadylmagy ugrunda işleýärdi.

XS
SM
MD
LG