Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ABŞ-nyň öňe sürmelerini ýazgardy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow.

Kreml Birleşen Ştatlaryň resmisiniň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň korrumpirlenen adamdygy baradaky öňe sürmesini “gahar-gazap dörediji we kemsidiji” diýip häsiýetlendirdi.

28-nji ýanwarda Ak tamyň metbugat wekili çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamentiniň resmisiniň Putiniň korrumpirlenendigi baradaky öňe sürmesi administrasiýanyň garaýşyny şöhlelendirýär diýdi.

“Bu beýanat gahar-gazap dörediji we kemsidiji” diýip, Ak tamyň eden çykyşyna salgylanyp, 29-njy ýanwarda Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow belledi.

“Umuman, biz ýurduň daşynda Orsýetiň prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine heniz iki ýyldan hem gowrak wagtyň bardygyna garamazdan, olaryň bu saýlawlara taýýarlyk görüp başlandygyny görýäris” diýip, Peskow nygtady.

26-njy ýanwarda Amerikanyň Maliýe ministrliginiň terrorizm we maliýe jenaýatçylygy boýunça ýerine ýetiriji sekretary Adam Szubin BBC-niň "Panorama" programmasyna beren interwýusynda ors prezidentiniň köp mukdarda baýlygynyň bardygyny, munuň jemgyýetçilikden ýaşyrylýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG