Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Nemtsowyň ölümi bilen ilteşikli derňew 'tamamlandy'


Boris Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýynda atylyp öldürilipdi.

Boris Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýynda atylyp öldürilipdi.

Orsýetiň Derňew komiteti oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň ölümi bilen baglanyşykly derňew işleriniň tamamlanandygyny aýdýar.

Agzalýan komitetiň metbugat wekili Wladimir Markiniň 29-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndan çeçenistanly dört şübheli “buýurma boýunça Nemtsowy öldürmekde” aýyplanýar. Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremliň golaýynda atylyp öldürilipdi.

Markiniň aýtmagyna görä, bu wakanyň esasy ruhlandyryjysy diýlip güman edilýän Ruslan Muhudinow heniz tussag edilmändir. Muhudinowyň çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň howpsuzlyk güýçleriniň agzasy bolandygy aýdylýar.

21-nji ýanwarda Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin Nemtsowyň ölüminiň doly çözülendigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG