Sepleriň elýeterliligi

BMG: Işgärler jynsy zorlukda aýyplanýar


Afrikada çagalaryň jynsy zorlugy bilen aýyplanýanlaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklaýan gürji işgärleri hem bar.

Birleşen Milletler Guramasy gürjüstanly, fransiýaly we ady köpçülige mälim edilmeýän ýene bir ýurduň parahatçylygy saklaýjy işgärleriniň Merkezi Afrika respublikasynda bolan döwri çagalaryň jynsy zorlugyny amala aşyrandygy baradaky aýyplamalar peýda boldy diýdi.

29-njy ýanwarda ýaýradylan beýanatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli komissary Zeid Raad Al Hussein “örän wajyp aýyplamalaryň seresaplylyk bilen gyssagly” derňelmelidigini aýtdy.

BMG-niň maglumatynda öňe sürülýän jenaýatlar, şol sanda jynsy zorlamalar baradaky aýyplamalaryň soňky hepdelerde ýüze çykandygy mälim edilýär. Şeýle-de, maglumatda gürrüňi edilýän aýyplamalaryň aglabasynyň 2014-nji ýylda amala aşyrylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG