Sepleriň elýeterliligi

Azyndan 22 dokument 'syrdy"


 Hillari Klinton

Hillari Klinton

ABŞ-nyň hökümeti Hillari Klintonyň döwlet sekretary bolan mahalynda onuň öýündäki hususy kompýuter hyzmaty arkaly geçen elektron hatlaryň azyndan 22-siniň «ýokary gizlinlikdäki» maglumat bolandygyny tassyk etdi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi 30-njy ýanwarda 37 sahypadan ybarat bolan 22 dokumentiň örän ynjyk maglumatlara eýe bolup, olaryň hatda redaktirlenen görnüşde hem jemgyýetçilige ýetirilip bilinmejekdigini aýtdy.

Klinton bilen ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň arasyndaky hususy gepleşigiň 18 maglumaty hem jemgyýetçilige ýetirilmez, ýogsa olarda gizlin maglumat hem ýok diýip, sözçi belledi.

XS
SM
MD
LG