Sepleriň elýeterliligi

HRW: Eýran bosgun owganlary Siriýa itekleýär


«Human Rights Watch» guramasy Eýran öz ýurdunda ýaşaýan müňlerçe dokumentsiz owgany Tähranyň gurnan milisiýasynyň hatarynda Siriýada söweşmäge çekdi diýýär.

29-njy ýanwardaky hasabatda Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň owgan emigrantlaryny we bosgunlaryny azyndan 2013-nji ýyldan bäri Siriýada söweşmäge «höweslendirýändigi» aýdylýar.

HRW guramasynyň gürleşen owgan bosgunlarynyň käbiriniň aýtmagyna görä, olara, eger Siriýada söweşmekden boýun gaçyrsalar, Owganystana deportasiýa ediljekdikleri aýdylyp, haýbat hem atylypdyr.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Tähranyň mejbury çäreleri owgan bosgunlarynyň bir toparynyň Eýrandan gaçyp, Ýewropa ýurtlaryna aşmagyna sebäp bolupdyr.

Eýran Siriýada söweşýän owganlaryň meýletinçilerdigini aýdýar.

Eýranda 3 million çemesi owgan ýaşaýar we olaryň diňe 950 müň çemesiniň kanuny bosgun durumy bar.

XS
SM
MD
LG