Sepleriň elýeterliligi

German prokurory rus zorluk şikaýaty galp diýýär


Gyzyň maşgalasy onuň Ýakyn Gündogardan gelen migrantlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýtdylar.

Gyzyň maşgalasy onuň Ýakyn Gündogardan gelen migrantlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýtdylar.

German häkimiýetleri orsýetli emigrant maşgaladan 13 ýaşly gyzyň zorlanandygy barada aýdylýanlar galp diýýär.

Bu mesele Orsýet bilen Germaniýanyň arasynda dartgynlylyga sebäp bolupdy. Berlinde 11-nji ýanwarda, bir gün soňra gaýtadan peýda bolmazyndan öň ýitendigi aýdylýan gyz polisiýa özüniň alnyp gaçylandygyny we zorlanandygyny aýtdy.

Gyzyň maşgalasy onuň Ýakyn Gündogardan gelen migrantlar tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýtdy.

«Ol gyzyň gürrüň beren zorluk hekaýasynyň galplaşdyrylandygy bize başdan hem bellidi» diýip, Berlin prokuratura edarasynyň sözçüsi Martin Şeltner Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeltner ol gyzyň telefonyndaky maglumatlaryň onuň ýalan sözleýändigini görkezendigini, ýagny alnyp gaçyldym diýýän wagty onuň 19 ýaşly erkek dostunyň ýanynda bolandygyny aýtdy.

Ýöne ol gyz, Şeltneriň sözlerine görä, 'mekdep problemalary' sebäpli, ene-atasyna erkek dosty barada hakykaty aýtman, ýalan sözlemeli bolupdyr.

XS
SM
MD
LG