Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan rus arkaly biznesmeni tutdy


Gazagystanyň polisiýasy Orsýet bilen ýakyn gatnaşykda bolan baý biznesmeni tussag etdi. Bu barada ýerli metbugat habar berýär.

30-njy ýanwarda Çimkentde geçirilen ýörite operasiýada tussag edilen dört adamyň arasynda ýurduň iň uly piwo zawodynyň ýerine ýetiriji direktory Tohtar Tuleşow hem bar.

Gazak mediasy Içeri işler ministrliginiň bir resmisine salgylanyp, polisiýanyň tutulan adamlaryň öýlerinden we iş ýerlerinden tüpeňleri we neşe maddalaryny tapandygyny habar berýär.

Ministrlik ol adamlara näme aýyp bildirilýändigini aýtmady. Tuleşow düýbi Orsýetde ýerleşýän Terrorçylyk howplary analizleri merkeziniň Gazagystandaky edarasyna ýolbaşçylyk edýär.

Şeýle-de Tuleşow Orsýetiň parlamentine ykdysady hyzmatdaşlyk we din barada geňeş-maslahat berýärdi.

XS
SM
MD
LG