Sepleriň elýeterliligi

Obama metjide sapar eder


 Barak Obama

Barak Obama

Prezident Barak Obama indiki hepde, Birleşen Ştatlarda musulmanlara garşy ritorikanyň ýokarlanmasynyň arasynda, din azatlygynyň goragynda durup, prezident hökmünde amerikan metjidine ilkinji saparyny eder.

Ak tam Obamanyň 3-nji fewralda Baltimor metjidindäki Yslam jemgyýetine baryp, ol ýerde jemagat liderleri bilen gürleşjekdigini, söz sözlejekdigini aýdýar.

Prezident Obama mundan öň amerikanlara ýüzlenip, olary syýasatçylar, has-da respublikanlardan prezidentlige dalaş edýän Donald Tramp tarapyndan aýdylýan anti-musulman sözlerden ýüz öwürmäge çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG