Sepleriň elýeterliligi

Siriýa oppozisiýasy Ženewada janyny barlaýar


Siriýanyň iň uly kürt toparynyň, Demokratik birleşik partiýasynyň (PYD) resmileri Ženewany terk etdiler, olar gepleşiklerden çykarylypdyr.

Siriýanyň iň uly kürt toparynyň, Demokratik birleşik partiýasynyň (PYD) resmileri Ženewany terk etdiler, olar gepleşiklerden çykarylypdyr.

Siriýanyň iň uly esasy akym oppozisiýa topary Ženewa geldi we Siriýadaky konfliktiň soňlanyny göresiniň gelýändigini aýtdy, ýöne onuň BMG-niň araçylyk etmeginde häzir şweýsar şäherinde geçýän gepleşiklere hakykat ýüzünde gatnaşyp-gatnaşmajakdygy aýdyň däl.

Ýokary gepleşikler komitetiniň sözçüsi Salim al-Muslat 30-njy ýanwarda Riýaddan gelip, oppozisiýa toparynyň «bu gepleşikleri üstünlikli etmäge çalyşýandygyny» aýtdy.

Emma bu topar öz janyny barlaýan, ýagny öz goýan meselelerine seredilip-seredilmejegini anyklaýan ýaly bolup göründi we, eger-de diýen şertleri bolmasa, gepleşiklerden çekiljekdigini aýan etdi.

Muslat Damask hökümet türmelerinde saklanylýan aýallary we çagalary boşatmaly we daşy gabalan ýerlere kömek eltilmegine ýol açmaly diýdi, ýogsam bolmanda ol gepleşikler üçin öňünden hiç bir şert goýulmaly däldigini hem nygtap geçdi.

Ýokary gepleşikler komitetiniň BMG-niň araçysy Staffan de Mistura bilen 31-nji ýanwarda ilkinji duşuşygynyň bolmagyna garaşylýar.

"Biz Ženewa halkara jemgyýetçiliginiň Siriýanyň halkyna beren wadalarynyň näderejede çynlakaýdygyny barlamaga hem-de režimiň öz ynsanperwerçilik borçnamalaryny ýerine ýetirmek meselesinde nädereje ygrarlydygyny anyklamaga gidýäris» diýip, Ýokary gepleşikler komitetiniň beýleki bir sözçüsi Naasan Agha Riýadda aýtdy.

Saud Arabystany tarapyndan goldanylýan ÝGK-nyň gatnaşygy Siriýanyň bäş ýyllyk raýat urşuny soňlamak baradaky gepleşikleriň rowaçlygynyň esasy diýlip pikir edilýär, bu toparyň delegasiýasy Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hem syýasy, hem jeňçi garşydaşlaryny öz içine alýar.

BMG-niň geçen aý kabul edilen rezolýusiýasy ähli taraplary derrew daşy gabalan ýerlere ynsanperwerçilik kömekleriniň geçirilmegine ýol açmaga, bikanun tussag edilen adamlary boşatmaga we asuda adamlaryň ýaşaýan ýerlerine edilýän hüjümleri togtatmaga çagyrdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri biraz öň telefonda 11-nji fewralda Mýunhende geçiriljek halkara duşuşygynda Ženewa gepleşiklerine baha bermek barada ylalaşdy.

BMG 29-njy ýanwarda başlanan gepleşiklere kimleriň çagyrylandygyny aýtmady, emma oňa ekstremist «Yslam döwleti» topary we «Al-Kaýda» iltewli «Nusra front» gatnaşmaýar.

Kürt wekilleriniň gatnaşmagy bolsa bölüji mesele boldy. 30-njy ýanwarda Siriýanyň iň uly kürt topary, Demokratik birleşik partiýasy (PYD) Ženewany terk etdi. Kürt resmisiniň aýtmagyna görä, olar gepleşiklerden çykarylypdyr.

Türkiýe PYD-ny terrorçy gurama hasapalaýar, Ýokara gepleşikler komiteti bolsa, olaryň Siriýanyň hökümetine aşa golaýdygyny aýdýar.

BMG Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň alty aýlyk gepleşikleri, ilki atyşygyň bes edilmegini, biraz soň bolsa 250 müňden gowrak adamy öldüren, 10 milliondan gowrak adamy öýünden bosduran we dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çeken urşa syýasy çözgüt tapmagy maksat edinýändigini aýdýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG