Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çöken gämi üçin 'jogapkär' tutuldy


Türk resmileri 75 adamy halas edendiklerini aýdýarlar.
Türk resmileri 75 adamy halas edendiklerini aýdýarlar.

Türk polisiýasy bir adamy, aýdylmagyna görä, adam gaçakçylygy üçin tussag etdi. 30-njy ýanwarda türk kenarlarynda çöken gämide azyndan 39 migrant, şol sanda birnäçe çaga heläk boldy. Olar Gresiýa aşmakçy bolupdylar.

Türkiýäniň «Anadoly» habar gullugy aman galanlaryň owganystanly, siriýaly we mýanmarly bosgunlardygyny habar berýär.

Migrasiýa baradaky halkara guramasy ýanwar aýynda şu wagta çenli bu ýerden geçjek bolup, 250-den gowrak adamyň heläk bolandygyny aýdýar.

Guramanyň maglumatyna görä, 2015-nji ýylda bu ýerde 805 adam ölüpdir. Geçen ýyl deňiz arkaly Ýewropa aşan migrantlaryň sany bir milliondan aşdy.

XS
SM
MD
LG