Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: merkezi aziýaly 12 migrant ýandy


Moskwadaky ýangyn

Moskwadaky ýangyn

30-njy ýanwarda Moskwanyň demirgazyk-gündogarynda dokma ussahanasynda bolan we üçegiň çökmegine getiren ýangynda 12 adam, şol sandA 3 çaga öldi.

Orsýetiň derňew komitetiniň maglumatyna görä, ýangynyň bilkastdan ot berilmegi ýa-da geleňsizlik sebäpli bolan bolmagy mümkin.

Ýurduň adam hukuklary boýunça ombudsmany ölenleriň arasynda üç çaganyň-da bardygyny we pidalaryň migrant işçilerdigini aýtdy.

«Interfaks» habar gullugy Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligindäki çeşmä salgylanyp, ol migrantlaryň merkezi aziýalydygyny habar berdi.

Ýangyn 3 müň kwadrat metr ýere ýaýrady we ony söndürmek üçin 5 sagat gerek boldy.

XS
SM
MD
LG