Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odessaly suratkeş pul üçin surat çekýär


Odessaly Krill Bondarenko adaty surat çekilýän materiala däl-de, hut dürli ýurtlaryň pullarynyň ýüzüne surat çekip, bütin adamzady puldan el çekmäge çagyrýar.

Odessaly suratkeşiň adaty bolmadyk bu käri Britaniýadaky London muzeýiniň numizmatik bölüminde uly gyzyklanma döretdi.

Ukraina griwnasy, amerikan dollary, moldowa leýi, ýewro we beýleki dürli ýurtlaryň walýutalary bu Odessaly suratkeşiň elinde özboluşly bir sungat eserine öwrülýär. Suratkeş boş wagtynyň baryny bu käre bagyşlaýar.

Ol hut puluň dünýäniň ösüşini bökdeýändigini öňe sürýär.

"Puluň indi döwri geçdi! Eýýäm iň azyndan ýigrimi ýyldan bäri ýagdaý şeýle, ýagny pul öz täsirini ýitirdi!" diýip, Krill Bondarenko aýdýar.

Syýasat, din we dünýädäki ykdysady krizis – ynha, bular Bondarenkonyň eserlerinde häzirki döwürde adamzadyň iň esasy problemalary hökmünde suratlandyrylýar. Ol öz çeken suratlaryny adamlaryň çakdanaşa ähmiýet berýän zady bolan pula garşy protest hökmünde suratlandyrýar.

Suratkeş "Hemme zat diňe pul üçin! Pul üçin nähili ýitgiler çekilýändiginiň ýa-da nähili gymmatlyklaryň ýok edilýändiginiň bir ähmiýeti ýok. Bir döwlet başga bir ýurdy pul üçin basyp alýarmy, indi munuň bir ähmiýeti ýok!" diýýär.

Dogrusyny aýdanyňda, suratkeşiň, şol "suratlyja owadanja kagyzlaryň" deregine ykdysady aýlanyşyk üçin nämäni ulanmalydygy barasynda häzirlikçe taýyn bir teklibi ýok. Ýöne şonda-da suratkeşiň bu eserleri eýýäm oňa şöhrat getirdi. Bondarenkonyň üç sany puluň ýüzüne çeken suraty eýýäm Londondaky Britaniýa muzeýiniň numizmatika bölüminiň hazynasyna goşuldy. Suratkeşiň hut özi ol muzeýe öz eserlerini hödürläpdir. Britaniýalylaryň onuň eserlerinden käbirini saýlap almagy bolsa suratkeş üçin garaşylmadyk ylham hem begenç getirdi.

XS
SM
MD
LG