Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Ýangynda gyrgyzlar, özbekler wepat boldy


Ýangyn söndürilýär, Moskwa, 30-njy ýanwar, 2016
Ýangyn söndürilýär, Moskwa, 30-njy ýanwar, 2016

Sekiz gyrgyz raýaty, şol sanda bir çaga geçen dynç günlerinde Moskwanyň demirgazyk-gündogarynda dokman kärhanasynda bolan ýangynda wepat boldy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň 1-nji fewralda aýtmagyna görä, 30-njy ýanwarda bolan ýangynda şeýle-de milleti gyryz iki orsýet raýaty we iki özbegistanly hem wepat bolupdyr.

Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Erlan Abdyldaew pidalaryň garyndaşlarynyň Moskwa syýahat etmegine ýardam beriş çärelerine gözegçilik edýär.
Agşam sagat dokuzda başlanan ýangyn 3000 kwadrat metr ýere ýaýrady we bäş sagatda söndürildi. Ýangynyň sebäpleri anyk däl.

Bu kärhana gyrgyz işewüri Alym Toguzakow tarapyndan kireýne alnyp işledilýärdi.

Toguzakowyň dogany Murat Toguzakow işewüriň ogly Erkiniň hem wepat bolandygyny aýtdy we pidalaryň ählisiniň Batken regionyndan bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG