Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewa: Zika howpy maslahat edilýär


Zika wirusyna garşy göreş çäresi, Nikaragua, 26-njy ýanwar, 2016
Zika wirusyna garşy göreş çäresi, Nikaragua, 26-njy ýanwar, 2016

Bütindünýä saglyk guramasy Zika wirusynyň tutaşmagynyň halkara derejesinde saglyga howp salýan wehim hökmünde kesgitlenmegini maslahat etmek üçin adatdan daşary maslahatyny geçirdi.

1-nji fewralda Ženewada geçirilen bu maslahatda wirusyň Merkezi we Günorta Amerikada ýaýramagy bilen bagly ýagdaýa seredildi.

Bütindünýä saglyk guramasy çybyn çakyp ýaýraýan bu wirusyň “howpunyň aram görnüşden howply derejelere” çenli ýaýrap biljekdigini duýdurdy.

“Adam saglygy üçin halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýyň” yglan edilmegi Zikanyň dünýä derejesinde uly howp hökmünde ykrar edilmegine getirip biler we oňa maýa ýatyrylar.

Bütindünýä saglyk guramasy Merkezi we Günorta Amerika ýurtlarynda indiki ýylyň dowamynda Zika bilen kesellänleriň sanynyň 3-4 milliona ýetmeginiň mümkindigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG