Sepleriň elýeterliligi

Hameneiniň geňeşçisi Moskwa sapar edýär


Eýranyň Baş lideri Aýatollah Ali Hameneiniň halkara meseler boýunça baş geňeşçisi Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak we syýasy konferensiýa gatnaşmak üçin Moskwa bardy.

Eýran mediasyna görä, Ali Akbar Welaýati dört günlük saparynyň dowamynda global meseleleri, regional hyzmatdaşlygy we howpsuzlyk meseleleri maslahat eder. Ol Orsýetiň Strategik barlaglary institutynyň çakylygy boýunça sapar edýändigini aýtdy.

Welaýati saparynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Eýrany we Orsýeti “dünýäniň we regionyň täsirli ýurtlary” diýip atlandyrdy we olaryň “parahatçylygy ornaşdyrmak we halkara aragatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertleri döretmekde örän konstruktiw rol oýnap biljekdiklerini belledi.

Welaýati Moskwa 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda prezident Hassan Rohaniniň ýörite wekili hökmünde sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG