Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Partlamada 71 adam wepat boldy


Sayida Zeinab etrabynda bolan partlama, Damask

Sayida Zeinab etrabynda bolan partlama, Damask

Siriýanyň paýtagty Damaskyň eteginde şaýylaryň mukaddes gonamçylygynda bolan üç partlamada azyndan 71 adam wepat boldy. Partlama Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän uruşyň soňuna çykmak boýunça Ženewada kynçylyk bilen başlanan gepleşiklere gabat geldi.

31-nji ýanwarda gonamçylygyň ýerleşýän ýerinde Sayida Zeinab etrabynda bolan partlamada 100-den gowrak adam ýaralandy.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän düýbi Britaniýada ýerleşýän gurama wepat bolan 71 adamdan 42 adamyň Siriýanyň hökümetine loýal söweşijiler bolandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini hüjümçileriň 250 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolan uruşy soňlamak ugrundaky “syýasy prosesi başlamak boýunça synanyşyklara zyýan ýetirmek maksadyny öz öňünde goýandygy aýan” diýdi.

“Yslam döwleti” topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG