Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň merkezinde partlama boldy


Owganystanyň paýtagtynyň merkezinde parlament binasynyň we polisiýa edarasynyň golaýynda güýçli partlamada azyndan 10 adam wepat boldy.

Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Aýub Salangi haýwanat bagynyň golaýynda hem bolan partlamada azyndan 20 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Partlamanyň bolan ýerinde tiz kömek ulaglary ýaralananlara kömege ýetişdi.

Bu partlama soňky aýlarda Kabulda bolan we onlarça adamyň wepat bolmagyna we ýaralanmagyna getiren nobatdaky hüjümdir.

XS
SM
MD
LG