Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrowyň wideosy oppozisiýany nyşana aldy


Kadyrowyň instagramda ýerleşdiren wideosyndan pursat
Kadyrowyň instagramda ýerleşdiren wideosyndan pursat

Orsýetli adam hukuklaryny goraýjylar Çeçenistanyň lidei Ramzan Kadyrowyň ýerleşdiren wideosyna hökümetiň jogap bermegini talap edýärler. Wideoda snaýper-mergeniň iki tanymal aktiwisti nyşana alýandygy görkezilýär.

Kadyrowyň Instagram sahypasynda ýerleşdirilen wideoda tüpeňiň Orsýetiň öňki premýer-ministri, oppozision PARNAS partiýasynyň ýolbaşçysy Mihail Kasýanowa, şeýle-de oppozision aktiwist Wladimir Kara-Murza çenelendigi görkezilýär.

Wideonyň aşagyndaky ýazgyda “Kasýanow Strasburga orsýet oppozisiýasy üçin pul almaga bardy. Muňa öň düşünmedikler indi düşüner”, diýilýär.

Kasýanow bu wideo hakyky howp hökmünde seredýändigini we ýagdaýy derňemegi sorap polisiýa ýüz tutjakdygyny 1-nji fewralda aýtdy.

Moskwada Adam hukuklary boýunça toparyň ýolbaşçysy Lev Ponomarýow häkimiýetleriň ýagdaýa “talaba laýyk” çemeleşmelidigini aýtdy.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow wideony görmändigini žurnalistlere aýtdy, emma ýagdaýy öwrenmegi wada berdi.

Geçen aýda Kadyrow oppozisiýa wekillerini “dönükler” we “halk duşmanlary” diýip köpçülikleýin atlandyrypdy.

XS
SM
MD
LG