Sepleriň elýeterliligi

Ermeni futbolçysyny türkler mähirli garşyladylar


Aras Özbiliz.

Aras Özbiliz.

Ermeni futbolçysy Aras Özbiliz, ýurtda bu ugurdan lider bolan türk kluby bilen 4 ½ ýyllyk şertnama baglaşmak bilen, “taze sepgitlere” ugur aldy. Ol garaşylmadyk ýagdaýda janköýerler tarapyndan söýgi bilen garşy alyndy.

“Beşiktaş” kluby bilen şertnama baglaşdym” diýip, Özbiliz öz Instagram hasabynda awtograf üçin gol çekip duran suratynyň ýanynda ýazdy.

Ermenistanyň milli toparynyň 25 ýaşly hüjümçisi 21-nji ýanwarda Stambula gelmeginden soňra, özüni “mähirli garşylan” türkiýeli janköýerlerine minnetdarlyk bildirdi.

Özbiliz Beşiktaş futbol toparynyň adyndan düýbi Madridde ýerleşýän ispan kluby Rayo Vallecanonyň” düzüminde oýnar.

“Hemme zat ugruna”

Türkiýäniň we Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar Birinji jahan urşy döwründe etniki ermenileriň köpçülikleýin gyrylmagy wakasyndan bäri dartgynly bolup gelýär. Ýerewan we başga-da 20 ýurt bu wakany “genosid” diýip häsiýetlendirýärler. Ýöne Ankara muny çylşyrymly söweş döwründäki duşmançylykly hereketleriň gynandyryjy netijesi diýip atlandyrýar.

Türkiýede doglan Özbiliziň ýurduň iň köne futbol kluby bolan Beşiktaşa goşulmagy, onuň üçin Watana gaýdyp gelmek diýlen ýaly zat boldy. Özbiliz çagalykda maşgalasy bilen Gollandiýa göçüpdir. Ýöne ol arassa türk dilinde gürläp bilýändigini we Türkiýede özüniň birnäçe dogan-garyndaşlarynyň bardygyny aýdýar.

“Beşiktaş” telekanalynyň habar bermegine görä, Özbiliz uçar Stambula gonmazdan öň keýpiniň gowy bolmandygyny, ýöne hemme zadyň ugrunadygyny görüp, gaty şat bolandygyny aýdýar.

Inkär

Özbiliziň “Spartak” Moskwa futbol toparyndan transfer edilmegi çekeleşiksiz geçmedi. Bu barada ilkibada 2015-nji ýylyň maý aýynda mälim edilipdi.

Russiýanyň mediasynyň habar bermegine görä Özbiliz “Spartagyň” türk asylly trenerini etniki diskriminasiýa esaslanýan şahsy kararlary kabul edýänlikde aýyplandan soň, agzalýan futbol kluby ony başga kluba satmak kararyna gelipdi.

Bu habarlar Osman imperiýasy döwründe 1.5 millon ermeniniň öldürilmeginiň ýüz ýyllygyna bagyşlanan ýatlama döwründe Ýerewan bilen Ankaranyň arasynda dörän çekeleşmeden soňra ýaýrady.

“Sport-Ekspress” gazetiniň habar bermegine görä, Özbiliz “Spartagyň treneri Ýakynyň agzalýan karary barada edil 2015-nji ýylyň 24-nji aprelinde, ýagny ermeni pidalarynyň 100- ýyllygyna bagyşlanyp Ermenistanda geçirilen ýatlama güni bilip galypdyr.

"Dogduk mekan"

Özbiliz soňra özüniň Ýakyn hakynda aýdanlaryny inkär etdi.

“Beşiktaş” telekanaly Özbiliziň Stambula gelmekden gaty hoşal bolandygyny we topardaky kärdeşleri bilen gowy gatnaşyklara garaşýandygyny habar berdi.

Selina Dogan atly ermeni asylly türk deputaty Özbilizi öz “Dogduk mekanynda” garşy aldy.

Dogan öz Facebook sosial sahypasynda Özbilizin gelmegi “ermeni we türk halklarynyň arasyndaky gatnaşygyň has-da güýçlenmegine” ýardam berer diýip umyt edýändigini ýazdy.

Özbiliz Ermenistanyň we Gollandiýanyň goşa raýaty bolup, 2012-nji ýyldan bäri Ermenistanyň milli futbol toparynyň agzasydyr. Ol mundan ozal Gollandiýanyň “Aýax” we Russiýanyň Krasnodardaky “Kuban” toparlarynda-da oýnapdy.

XS
SM
MD
LG