Sepleriň elýeterliligi

Orsýet hökümeti krizise garşy plana garaýar


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, Moskwa, 1-nji fewral, 2016.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, Moskwa, 1-nji fewral, 2016.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 2-nji fewralda 2016-njy ýyl üçin ykdysady ösüş plany boýunça maslahat geçirer.

Medwedew hökümetiň ösüşe uly mümkinçiligi bolan we günbatarda öndürilen önümleriň ornuny tutup biljek strategik pudaklary, şol sanda ulag önümçiligi, oba hojalygy we transport ugurlaryny goldajakdygyny aýtdy.

2015-nji ýylyň krizise garşy plany 2.33 trillion rubl ýagny 30.1 milliard dollara durupdy.

Orsýetiň ykdysady ösüş ministri Alekseý Ulýukaýew 2016-njy ýyl üçin krizise garşy planyň bahasynyň has arzan boljagyny we 9.6 milliard dollara durjakdygyny aýdypdy.

Geçen ýylda bolşy ýaly hökümetiň bu ýyllyk planynda bank sistemasyna ýardamy göz öňünde tutmaýar.

XS
SM
MD
LG