Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Maliýe ýagdaý protest döretdi


Kaspy Bankyň öňündäki protest, Almaty, 2-nji fewral, 2016

Kaspy Bankyň öňündäki protest, Almaty, 2-nji fewral, 2016

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda onlarça gazagystanly milli pul teňňäniň hümmetiniň pese gaçmagy bilen baglylykda dollarda alnan jaýlarynyň barha artýan bergisine garşy göreşärler.

2-nji fewralda Gazagystanyň Kaspy Bankynyň öňünde jemlenen protestçiler bankyň başlygy Mihail Lomtadze bilen duşuşyk geçirilmegini talap etdiler. Protestçiler öz kreditleriniň ýanwar aýynyň kursy boýunça ýagny bir amerikan dollary – 183 teňňe derejesinde gaýtadan hasaplanmagyny we teňňä geçirilmegini isleýärler.

2-nji fewralda bir amerikan dollary 360 teňňe derejesine ýetdi.

Merkezi Aziýanyň iň uly energiýa eksportýory Gazagystanyň milli puly dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagyndan soň geçen ýyldan bäri öz hümmetini yzygiderli ýitirýär.

Teňňäniň hümmetsizlenmegi soňky aýlarda Almatyda we Astanada ençeme protest çykyşlaryny döretdi.

XS
SM
MD
LG