Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pentagon 2017 üçin has köp pul soraýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

Pentagon 2-nji fewralda hödürlän 2017-nji ýylyň býujetiniň taslamasynda ABŞ-nyň Gündogar Ýewropadaky güýçleri we “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşleri üçin has köp maliýe serişde sorady.

Pentagon 1-nji oktýabrda başlanýan täze maliýe ýylda jemi 583 milliard dollar soraýar.

ABŞ-nyň resmileri 59 milliard dollaryň Owganystandaky harby çäreler bilen bagly tölegler üçin, 7 milliard dollardan gowragynyň Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşler üçin niýetlenýändigini aýdýarlar.

Resmileriň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter býujetiň detallary barada 9-njy fewralda etjek çykyşynda dünýädäki “howplaryň üýtgemegi” barada sözlär we Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmeginiň hem gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleri goramagynyň döredýän töwekgelçiliklerine ünsi gönükdirer.

XS
SM
MD
LG