Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň oppozisiýasy Orsýeti tankyt etdi


Siriýadaky urşuň soňuna çykmak boýunça gepleşikler, BMG-niň edarasy, Ženewa, 1-nji fewral, 2016
Siriýadaky urşuň soňuna çykmak boýunça gepleşikler, BMG-niň edarasy, Ženewa, 1-nji fewral, 2016

Orsýet Siriýadaky urşuň soňuna çykmak boýunça gepleşikleriň geçýän wagtynda adam pidaly howa zarbalaryny amala aşyrmak we Siriýanyň režiminiň guryýer çärelerini goldamak üçin günbatar diplomatlary we siriýaly oppozisiýa tarapyndan giňden tankyt edildi.

Ženewada gepleşikleriň başlanan güni 1-nji fewralda oppozision wekiller Orsýetiň we Siriýanyň režimlerini hüjümleri tutaşdyrmakda nasistik Germaniýa ýaly rehimsiz bolmakda aýypladylar we bu ýagdaý bes edilýänçä, gepleşiklere çynlakaý girişmejekdiklerini duýdurdylar.

Oppozisiýanyň iň uly bileleşigi bolan Gepleşikler boýunça ýokary komitetiň başlygy Salem al-Mislet “režimiň özi Siriýanyň halkyny öldürýär” diýdi.

Siriýanyň hökümet güýçleri Orsýetiň howadan berýän goldawyna daýanyp gozgalaňçylara garşy basyşlaryny güýçlendirýän wagtynda, Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary Fillip Hammond Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň parahatçylykly gepleşiklere zeper ýetirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG