Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ykdysady erkinlik ýok diýilýär


Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş baradaky instituty.
Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş baradaky instituty.

Ykdysady azatlyklar boýunça täze çap edilen ýyllyk hasabatda Türkmenistana iň repressiw ýurtlaryň arasynda dünýäde dördünji orun berildi. Türkmenistan jemi 178 ýurdy öz içine alýan bu hasabatda umumy görkezijiler boýunça 174-nji orny eýeledi.

Ýaňy-ýakynda köpçülige ýetirilen bu hasabatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda ykdysady erkinligiň derejesi Gurbanguly Berdimuhamedow ikinji gezek prezident saýlanaly bäri barha pese gaçýar.

Gürrüňi edilýän hasabatyň Türkmenistan bölüminde, aýratynam ýurduň dürli görkezijiler boýunça, şol sanda kanunyň üstünligi kategoriýasynda sanawyň iň soňunda durýandygyny görmek bolýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” we “Wall Street Journal” neşirleri tarapyndan her ýyl bilelikde ýaýradylýan bu hasabatda emläk we zähmetkeşleriň hukugy, biznes, maýa goýumlary, söwda erkinligi we korrupsiýanyň derejesi ýaly ugurlara syn edilýär.

Hökümetiň eýeçiligindäki bank

Hasabatda aýratynam maýa goýumy sektorynda Türkmenistanda erkinligiň asla ýokdugy görkezilip, hökümetiň eýeçiligindäki alty bankyň tutuş ýurduň maliýe sektorynyň we kredit üpjünçiliginiň üçden iki bölegine eýeçilik edýändigi aýdylýar.

Hökümetiň zähmet we söwda sektoryna hem doly kontrollyk edýändigi we hususy söwdagärleriň bolsa diňe kiçi derejeli biznes bilen meşgullanmaga mümkinçiliginiň bardygy nygtalýar.

Hasabatyň has giňişleýin bölüminde Türkmenistana dürli görkezijiler boýunça berlen baha barada jikme-jik maglumat berlip, emläk hukuklary kategoriýasy boýunça Türkmenistan hasabatyň iň soňky ornunda ýerleşdirlipdir.

Yza gaýdyş

“Heritage Foundation” we “Wall Street Journal” gazetiniň raportynda aýdylyşyna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende Türkmenistanda emläk hukugy, biznes erkinligi kategoriýalarynda jemi 25 görkeziji yza gaýdyş bolupdyr.

Raportda çap edilen dürli görkezijilerden çen tutulsa, Berdimuhamedowyň ilkinji prezidentlik möhletinde ýagdaýlar birneme gowy bolup, 2012-nji ýylda Türkmenistana berlen umumy baha 44 görkeziji bolan bolsa, ol häzir 41.9-a çenli aşak gaçypdyr.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ykdysady syýasaty bilen deňeşdirilende belli bir derejede erkindigi aýdylsa-da, hökümetiň umuman üzňelik syýasatyny dowam etdirýändigi mälim edilýär.

Şeýle-de hasabatda Orsýetde dowam edýän ykdysady çökgünligiň, tutuş regiona bolşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetine-de zyýan ýetirendigi nygtalýar.

Türkmenistan geçen hepde “Azatlyk Öýi” guramasynyň erkinlikler boýunça, Human Rights Watch guramasynyň adam hukuklary boýunça, şeýle-de korrupsiýanyň derejesine gözegçilik edýän “Transparancy international” guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda hem iň pes baha alan ýurtlaryň arasynda galýar.

XS
SM
MD
LG