Sepleriň elýeterliligi

Hüjümlerde ‘YD” radiosy sandan çykaryldy


"YD" toparynyň radiosyny diňleýän owganystanlylar.

"YD" toparynyň radiosyny diňleýän owganystanlylar.

Owgan we amerikan resmileri "Yslam döwleti" topary tarapyndan ýöredilen "Halyfatyň sesi" atly radiostansiýanyň howa zarbalarynda dargadylandygyny aýdýarlar. Bu radio öten ýyldan bäri Owganystanyň gündogar etraplarynda "Yslam döwleti" toparynyň ekstremistik wagyzlaryny ýaýradýardy.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň sözçüsi Ataullah Hogýaniniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, "Halyfatyň sesi" radiosy 1-nji fewralda ir agşam Pakistanyň serhediniň golaýynda dargadylypdyr.

Radionyň berýän gepleşikleriniň ýatandygyny ýerli ýaşaýjylar-da tassykladylar.

Kimdigi mälim edilmedik bir amerikan harby resmisi radiostansiýanyň Birleşen Ştatlar tarapyndan urlan iki sany howa zarbasynda sandan çykarylandygyny aýdýar.

‘YD’ sudy hem ‘dargadyldy’

Amerikan goşunynyň polkownigi we Birleşen Ştatlaryň hem NATO-nyň Owganystandaky missiýasynyň metbugat wekili Maýk Lawhorn bir beýanatda amerikan güýçleriniň Arçyn etrabynda iki sany howa zarbasyny amala aşyrandygyny bildirdi.

Ýöne Hogýani jemi dört zarbanyň üçüsiniň "Yslam döwleti" toparynyň nyşanalaryna degip, onuň agzalaryndan 29 adamyň öldürilendigini aýtdy. Ölenleriň bäşisi radionyň işgärleri, üçüsi hem stansiýanyň websaýtynda işlän adamlar.

Nangarhar welaýatynyň polisiýasynyň metbugat wekili Huseýn Maşrikiwal "Yslam döwleti" toparynyň döreden sudunyň hem dargadylandygyny aýtdy.

Radionyň ähmiýeti

Ekstremistik topar "Yslam döwleti" 2014-nji ýylda Siriýanyň we Yragyň uly bölegini basyp alanyndan soň 2015-nji ýylda Owganystanda peýda boldy. Owganystan bilen Pakistanyň aralygyndaky goragy gowşak serhediň ýakasyndaky etraplaryň birnäçesinde onuň jeňçileri bar.

2015 ýylyň aýaklarynda gurlan "Halyfatyň sesi" radiosy Nangarharda bikanun suratda "Yslam döwleti" toparynyň ekstremistik wagyzlaryny ýaýradýardy.

Puştun dilinde gepleşik beren bu radiodan topara agza çekmekde, žurnalistlere haýbat atmakda hem peýdalanylýardy.

Ilatynyň aglaba köplüginiň telewideniýä we internete elýeterligi bolmadyk Owganystanda radio güýçli habar serişdesi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG