Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa soňky iki müň ýylyň iň yssy ýazlaryny ýaşaýar


Suw içýän adam.

Suw içýän adam.

Alymlar agaçlaryň töňňesindäki halkalaryň kömegi bilen Ýewropa materiginde howa şertleriniň asyrlaryň dowamynda nähili üýtgändigini kesgitläp bilýärler.

Ýewropa Rim imperiýasy döwründen bäri iň yssy ýazlaryny başdan geçirýär.

Alymlaryň täze geçiren barlaglarynyň netijesinde global maýylganlygyň adamynyň edýän işleri bilen baglanyşyklydygy ýene-de bir gezek tassyklandy.

Ylmy barlagyň hasabatynda aýdylmagyna görä, netijeler geljek ýyllarda global howa şertleriniň nähili boljakdygyny takyk aýtmaga doly esas berýär.

Metbugatda çap edilen makalalarda bolsa, iň yssy ýaz paslynyň 2003-nji, 2010-njy we 2015-nji ýyllarda hasaba alnandygy beýan edilýär.

Täze geçirilen ylmy barlagda bolsa, soňky 2100 ýylyň howa şertleri agaçlaryň töňňelerindäki halkalardan alnan maglumatlar esasynda täzeden işlenip düzülipdir.

Agaçlar näme diýýär?

Töňňelerdäki halkalar we olaryň ýygjamlygy ýylba-ýyl howa şertleriniň üýtgändigini görkezýär. Agajyň sütüninde her ýylda bir halka emele gelýär we şol halkalaryň ýygjamlygy hem sowuk ýa-da yssy bolan ýyllary anyklamaga mümkinçilik berýär. Halkalaryň has ýygjam bolmagy öten ýyllaryň sowuk bolandygyny mälim edýär.

Alymlar şol bir wagtyň özünde bu ugurda başga çeşmelere hem salgylanýarlar. Meselem, taryhy ýazgylardaky maglumatlar.

"Environmental Research Letters" atly žurnalda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine görä, soňky 30 ýylyň dowamynda howa adatdan daşary ýagdaýda gyzypdyr.

Dünýä taryhynda yssy we sowuk döwürler kadaly ýagdaýda biri-biriniň ýerini çalşypdyr. (Alymlar muny wulkanik hadysalar bilen düşündirýärler). Ýöne howanyň barha gyzmagy adaty kada gabat gelmeýär. Aslynda, kada görä, howanyň gyzgyny edil beýle ýokarlanmaly däl.

Alymlar jemlenen delillerden şeýle netijä gelýärler, ýagny howanyň barha gyzmagyna adamzat we onuň edýän işleri sebäp bolýar.

Howany gyzdyrýan adamlar

Gissen uniwersitetinden Jurg Luterbacher atly professoryň aýtmagyna görä, jemlenen deliller soňky iki müň ýylyň dowamynda howanyň nähili gyzandygy barasynda anyk maglumatlary berýär. Alym bu netijeleriň şol bir wagtyň özünde geljekde howanyň nähili gyzjakdygyny aýtmaga hem mümkinçilik dörenýändigine ünsi çekýär.

13 ýurtdan 45 alymyň gatnaşan ylmy barlag toparynyň gelen netijesine görä, dünýäde howanyň gyzmagy 3-nji asyra çenli dowam edipdir. Şeýlelik-de howanyň gyzmagy rimlilere Britaniýanyň demirgazygynda üzüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik beripdir.

Ýöne 4-nji asyrdan 7-nji asyra çenli howa sowamaga başlapdyr.

Umuman diýen ýaly mylaýym howaly bolan orta asyrlaryň yz ýanyndan, 14-nji asyrdan 19-njy asyra çenli, "Kiçi buz döwri diýip atlandyrylan sowuk howaly döwür bolupdyr.

Bu ylmy barlagda howanyň 20-nji asryň başynda gyzmaga başlamagy we soňky on ýyllykda bolan howa şertleri bilen baglanyşykly töňňelerdäki halkalaryň görkezýän maglumatlary deňeşdirilipdir.

Uly wulkanlaryň herekete gelmegi we günüň gyzgynynyň ýokarlanmagy hem töňňelerdäki halkalarda öz täsirini görkezipdir.

Ynha, şeýle maglumatlara salgylanylyp gelnen netijä görä, howanyň soňky 30 ýyldaky üýtgemesinde gyzgynlyk öňki döwürlerdäki bolan gyzgynlykdan has ýokarydyr.

Bu bolsa Halkara howa özgerişi guramasynyň öňe sürýän bir garaýşyny tassyk edýär, ýagny soňky döwürlerdäki howanyň aşa gyzmagy gazylyp alynýan tebigy energiýa baýlyklarynyň ýakylmagy bilen baglanşyklydyr. Şeýlelikde bu ýagdaýdan çykan netijä görä, soňky ýyllardaky howanyň gyzmagyna antropogen, ýagny adamlaryň edýän işleri sebäpkärdir.

Owalky resmiler hem peýdaly işler edipdirler...

Swonzi uniwersitetinden bu ylmy barlagyň esaslandyryjylaryndan bolan Danny McCarrollyň aýtmagyna görä, aslynda howanyň Rim imperiýasy döwründäki ýaly deňräk derejede gyzmagyna garaşylypdyr. Ýöne howanyň gyzgynlygy çak edilişindenem ýokary bolupdyr.

Alym "Muny adamlaryň alyp barýan işlerinden başga sebäp bilen düşündirmek mümkin däl" diýip nygtaýar.

Alymyň pikrine görä, "Maşynyň we tehnikanyň asyry" (Tehnologiýanyň asyry) diýlen 21-nji asyrynyň täsirleri özüni indi-indi açyk-aýdyň görkezmäge başlaýar.

Alym McCarroll: "Biz 2015-nji ýylda Ýewropada iň yssy ýaz paslyna şaýat bolduk. Britaniýanyň bu ýagdaý sebäpli bagty çüwdi. Ýöne Ýewropadaky yssylar gaty köp adamyň heläk bolmagyna getirdi" diýip belleýär.

Professor McCarroll geçirilen ylmy barlagda esasan Alp we Skandinawiýa sebitlerindäki töňňeleriň halkalaryny öwrenendigini aýdýar.

Olardan jemlenen görkezijiler hem soňra taryhy we has gadymy çeşmelerdäki maglumatlar bilen deňeşdirilipdir.

Meselem, galla hasyly we onuň bilen baglanyşykly salgyt dokumentleri derňelipdir. Howa maýlan mahaly hasyl ýokarlanypdyr. Hasyl ýokarlanan mahaly hem salgyt girdejileri köpelipdir.

Professoryň aýtmagyna görä, gadymy häkimiýetleriň hasabat dokumentleri hem şeýlelikde gymmatly ylmy çeşmä öwrülýär.

XS
SM
MD
LG