Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Siriýada howa zarbalaryndan el çekmedi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Muskat, 3-nji fewral, 2016

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Muskat, 3-nji fewral, 2016

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýada “ähli terrorçy” toparlar ýeňilýänçä Moskwanyň amala aşyrýan howa zarbalaryny bes etmejegini aýdýar.

“Men bu howa zarbalarynyň bes edilmegine sebäp görmeýärin” diýip Lawrow Omanyň paýtagty Muskatda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

2-nji fewralda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýadaky urşy bes etmek boýunça BMG-niň ýolbaşçylygynda gepleşikler geçirilýärkä Orsýetiň Siriýada oppozision toparlary bombalamagyny bes etmelidigini aýtdy.

Ženewada resmi bolmadyk gepleşiklere gatnaşýan Siriýanyň käbir oppozision toparlary Orsýetiň howa zarbalaryny bes etmegini özleriniň gepleşiklere gatnaşmagy üçin şert hökmünde öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG