Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranyň maliýe bazary ösüş görkezdi


Eýranyň maliýe bazary, 17-nji ýanwar, 2016.
Eýranyň maliýe bazary, 17-nji ýanwar, 2016.

Tähranyň maliýe bazary soňky bir ýyllykda iň uly ösüş görkezdi. Bu ýagdaý Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen baglaşan ylalaşygy geçen aýda güýje girensoň ýüze çykdy.

Tähranyň TEDPIX indeksi 2-nji fewralda 73,725 derejesine çykdy. Sanksiýalaryň aýrylmagyndan soň 10 günüň dowamynda 16.6 million dollar mukdarda maýa goýumlarynyň ýatyrylmagynyň muňa sebäp bolandygyny Bloomberg ýazýar.

Eýran halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyndan soň ykdysady abadançylygynyň döremegine umyt baglapdy. Eýran Yslam Respublikasy indi çig nebitini erkin satyp bilýär we daşary ýurtlaryň banklarynda ençeme ýylyň dowamynda doňdurylyp saklanan 100 milliard dollar möçberdäki pulundan peýdalanyp bilýär.

Sanksiýalaryň aýrylmagyndan bäri Eýranyň söwda dolanyşygynyň möçberi üç esse ýokarlandy we 40 million dollardan 133 milliona ýetdi. Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen geçen ýylyň iýul aýynda baglaşan ylalaşygy halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny we Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmegini göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG