Sepleriň elýeterliligi

Gazak biznesmeni tussag edildi


Gazagystanyň Şymkent regionynyň sudy

Gazagystanyň Şymkent regionynyň sudy

Orsýet bilen ýakyn gatnaşykdaky baý gazak biznesmeni deslapky tussaghana iberildi. Tohtar Toleşow 30-njy ýanwarda saklanypdy.

Toleşowyň aklawçysy öz müşderisiniň guramaçylykly jenaýat hereketlerini maliýeleşdirmekde we bikanun dermanlary öndürmekde aýyplanýandygyny 3-nji fewralda aýtdy.

Aklawçylaryň aýtmagyna görä, 2-nji fewralda Şymkent şäheriniň sudy Toleşowy iki aýlyk deslapky tussaglyga höküm edipdir.

Toleşow Gazagystanyň günortasynda piwo öndürýän iň uly kärhanalarynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy.

Toleşow düýbi Orsýetde ýerleşýän Terrorçylyk howplary boýunça analiz merkeziniň Gazagystandaky edarasyny dolandyrypdy. Şeýle-de Toleşow ykdysady hyzmatdaşlyk we region boýunça meselelerde Orsýetiň parlamentinde geňeşçi bolupdy.

Onuň tussag edilmegi Astananyň orsýetçi we milletçi aktiwistlere edýän basyşlaryna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG