Sepleriň elýeterliligi

Müsür Orsýetden uçar satyn alar


Müsüriň howa ýollary “Suhoý” graždan awiasiýa şirketi bilen ylalaşygyň çäginde Orsýetde öndürilen 10 sany reaktiw uçary satyn almagy, şeýle-de iki ýurduň arasynda howa gatnawyny dikeltmegi planlaşdyrýar.

Orsýetden Müsüre howa gatnawy 31-nji oktýabrda Sinaý ýarymadasynda Orsýetiň uçarynyň bomba zerarly heläkçilige uçramagyndan soň ýatyrylypdy. Şol uçarda 224 syýahatçy barýardy.

Orsýetiň we Müsüriň resmileriniň aýtmagyna görä, 2-nji fewralda gol çekilen bir-birine düşünişmeklik baradaky jarnama laýyklykda Müsüriň hususy kärhanalary SSJ-100 kysymly dört uçary satyn alarlar we ýene alty sany uçary satyn almak mümkinçilige eýe bolarlar.

XS
SM
MD
LG