Sepleriň elýeterliligi

Tähran-Aşgabat: Gaz ýerine haryt berler


Türkmen we eýarn prezidentleri, Täran, 23-nji noýabr, 2015.

Türkmen we eýarn prezidentleri, Täran, 23-nji noýabr, 2015.

Eýran Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň bahasyny ýylda $3 milliard möçberinde harytlar we hyzmatlar bilen hasaplaşar.

Eýran.ru internet neşiri, iranoilgas.com websaýty bu habary Eýranyň nebit ministriniň geňeşçisi, ministriň harytlary we hyzmatlary eksport etmek boýunça ýörite wekili Mohammed Tagi Amanpuryň sözlerine salgylanyp ýaýratdy.

Mohammed Tagi Amanpuryň Türkmenistandan alynýan gazyň ýerine harytlary we hyzmatlary eksport edijilere goldaw gurnamak ylalaşygyna gol çekmäge bagyşlanan dabarada aýtmagyna görä, Tähran Aşgabada her ýylda 3 milliard dollar möçberinde haryt we inženerçilik-tehinika hyzmatlaryny eksport eder.

Amanpuryň tassyklamagyna görä, türkmen tarapy bu proektiň çäginde öz mätäçlik çekýän zatlaryny habar bermeli. Şondan soň eýran kompaniýalary, resmi Aşgabadyň yglan eden tenderlerine gatnaşmak esasynda ýa-da göni, Türkmenistana harytlary we hyzmatlary eksport etmäge başlap bilerler.

Amanpuryň nygtamagyna görä, Eýran başga ýurtdan alynýan önümiň deregine ilkinji gezek haryt we hyzmat ibermek arkaly hasaplaşar.

Eger biraz yza çekilsek, 2015-nji ýylyň tomsunda Tähran bilen Aşgabadyň arasynda Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bir böleginiň bahasyny barter, ýagny harytlar we hyzmatlar görnüşinde hasaplaşmak barada ylalaşyga gelnipdi.

Bu ylalaşyk geçen ýylyň 27-nji iýulynda, Eýranyň nebit ministriniň daşary gatnaşyklar boýunça orunbasary Amir-Hosseýin Zamaniniýa tarapyndan yglan edilipdi.

Ol bu ylalaşyga Eýranyň nebit ministri Bijan Zangeneh bilen Türkmenistanyň daşary işler minisrti Reşit Meredowyň arasynda geçirilen gepleşikler netijesinde gelnendigini aýdypdy.

Şonda berlen sanlara görä, Eýran Türkmenistana, gazyň deregine, 1 milliard amerikan dollary möçberinde haryt we hyzmat ibermek baradaky şertnama gol çekipdi.

Ýöne mundan öň hem, has anygy 2012-nji ýylyň dekabrynda Eýranyň iňlis dilinde gepleşik berýän telekanaly (PressTV) Türkmenistan bilen Eýranyň gaz gepleşiklerinde barter tölegi barada ylalaşandygyny habar beripdi.

Eýranyň «Mehr» habar gullugy bolsa şol wagt Tähranyň Aşgabada gaz üçin 1 milliard dollar bergisiniň bardygyny habar beripdi.

Metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, Eýran soňky 20 ýylyň dowamynda türkmen tebigy gazyny satyn alýar we ýurduň nebit ministrligi eýran öndürijilerini Türkmenistana önüm eksport etmäge yzygiderli hyjuwlandyryp gelýär.

Amanpur Eýran Yslam respublikasynyň prezidentiniň geçen ýyl Türkmenistana eden saparyny ýatlap, ikitaraplaýyn gepleşikler mahalynda Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini ýakyn 10 ýylda 60 milliard dollar möçberine ýetirmek barada ylalaşylandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol eksport edilýän eýran harytlarynyň diňe Türkmenistanyň nebit senagatyna zerur bolan harytlar bilen çäklenmejekdigini, eýsem Aşgabadyň özüne gerek bolan islendik harydy alyp biljekdigini belledi.

Daşary ýurda iberilýän türkmen gazynyň bahasynyň harytlar we hyzmatlar, ýagny barter esasynda tölenmegi barada gürrüň edilende, mundan ozal, ýagny 1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ukraina iberilen gazyň bahasyny harytlar we hyzmatlar, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny bezemek üçin arça agaçlary görnüşinde hem hasaplaşandygyny ýatlap bolar.

Şol bir wagtda türkmen lideri, emele gelen ykdysady ýagdaý bilen bagly, soňky aýlarda ýurtda daşary ýurtlara eksport edilýän önümleri köp öndürmegi, ýurt gaznasyna girýän walýutanyň, altyn puluň möçberini artdyrmagy, daşardan getirilýän gök önümleri azaltmagy talap edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG