Sepleriň elýeterliligi

Orsýet nebit önümçiligini artdyrdy


“Rosneft” kompaniýasynyň "Samotlor" nebit ýatagy, Nižnewartowsk, 26-njy ýanwar, 2016

“Rosneft” kompaniýasynyň "Samotlor" nebit ýatagy, Nižnewartowsk, 26-njy ýanwar, 2016

Orsýetiň global derejede nebit önümçiligini çäklendirmek barada nebit öndüriji ýurtlaryň OPEK guramasy bilen gepleşik geçirýändigine garamazdan, öz nebit önümçiliginiň möçberini postsowet döwründe iň ýokary derejä ýetirdi.

Döwletiň gözegçiligindäki “Rosneft” kompaniýasynyň başlygy Igor Seçin Wenesuelanyň nebit ministri Eulogio Del bilen Moskwada geçiren duşuşygynyň yzýany gepleşiklerde taraplaryň global nebit bazarlaryny durnuklandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary ara alyp maslahat edendigini aýtdy.

Ýakyn Gündogara sapar edýän Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň nebit guramalary we olaryň daşyndaky ýurtlar bilen nebit önümçiligini çäklendirmek hem bahalary artdyrmak barada gepleşik geçirmäge taýýardygyny nygtady.

Muňa garamazdan, Orsýetiň Energiýa ministrliginiň 2-nji fewralda ýaýradan deslapky maglumatlaryna görä, Orsýet geçen aýda nebit önümçiligini aktiw artdyrypdyr. Global derejede nebtiň bahasy 2014-nji ýyldan bäri 75% pese gaçdy.

XS
SM
MD
LG