Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krkonoşdaky gyş


Çehiýa respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Krkonoş daglyk sebiti.
Çehiýa respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Krkonoş daglyk sebiti.

Gyşda, garly daglarda dem-dynç alýanlara haýran bolup geldim. Sowukda, garyň içinde-de bir dem-dynç bolarmy? Ýöne gar ýagdygy ulynyň-kiçiniň ümzügi şol daglara tarap.

Garly daglar

Çeh topragynyň ajaýyp künjegi Krkonoş milli goraghana hasaplanýar. Ol ýer ýylyň tutuş dowamynda aşa gözel hem asuda. Şonuň üçin mydama dem-dynç alýan, syýahat edýän adamlar ýeterlik. Häzir ýeri ak gar örtensoň, onuň jemagaty has artyk.

Çehiýa respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Krkonoş daglyk sebiti.
Çehiýa respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Krkonoş daglyk sebiti.

Beýle galyň gary men öň görmändim. Gar bolsa şindizem ýagyp dur. Muňa “täze gar” diýýärler. Ýere, giň tokaýlara hem daglara ak päkizelik inýär. Töwerek-daş iň tämiz, iň arassa, iň ýagty barlyk bilen örtülýär.

Tokaýda agaçlar şeýle bir ümsüm, şeýle bir rahat, göwnüňe bolmasa, olar garyň sesine diň salýarlar hem ak ýagtylykda täsin düýş görýärler.

Garyň aýratyn bir gözelligi hem ýürege inderýän rahatlygy bar.

Öňki gören garlarym ýere düşekdi. Onuň üstünden ýöremek, ony basgylamak mümkindi. Günüň sähel ýylpyldysyna ereýärdi. Bu ýerde welin ol aşa köp, köplügi sebäpli-de hökümli. Sen islän ýeriňden däl, adamlaryň ýol salan ugrundan ýöräp bilýärsiň. Ol ýodadan saga-çepe çykmaga mümkinçiligiň ýok.

Gum hem garly depeler

Ak gar depeleri Garagum çölündäki akyp ýatan çäge alaňlaryny ýatladýar. Göwnüňe bolmasa, sen garly jülgede däl, çäge alaňlarynyň arasynda gezip ýören ýaly.

Düýnki geçen ýoluňy bu gün syrgyn basypdyr. Indi ondan geçip bilmersiň. Eger öz islegiňe görä ýöreseň, garyň içine gitmegiň mümkin. Çöl hem şeýle ahyryn, ol nähili giň hem bolsa, islän ugruňdan däl, diňe tebigatyň döreden ýolundan ýöremek mümkin. Depe-depe bolup oturan ak gar akyp ýatan ürgün çäge ýaly ýowuz.

Töwerek bol ýagtylyk, edil Garagumdaky tomsuň ýagtylygy ýaly. Ol gözüňi deşip barýar. Şonuň üçin bu ak giňişlikde ýagtylykdan goranmaly bolýaň.

Çaý hem piwo

Çehiýa respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Krkonoş daglyk sebiti.
Çehiýa respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Krkonoş daglyk sebiti.

Gar depeleriniň daşyndan öwrülip, ak meýdany aýlanyp, bir naharhana sowulýarsyň. Çagalar, ýaşlar goh-galmagal bolşup otyrlar. Olar edil guşlar ýaly jagyldaşýarlar. Olaryň ýanyndaky goşy, ýörite egin-eşikleri özlerinden uly. Ýöne olarda ýadawlyk ýok. “Bu gar owaly çagalara gerek” diýip oýlanýaň.

Şeýle garly günde gyzgyn çaýyň gadyry başga. Çaý owurtladygyňça, akylyň durlanyp, oý-hyýalyň ýene ot-ýalynly, syrgyn gumly çöle gönügýär. Çaýdan gananyňda, gumy dürli-dümen otlar örtýär hem her ýerde güller açylyşyp başlaýar.

Töweregiňe seredip görseň, başgalar üsti ak köpürjekli sowuk piwäni demine dartýarlar. Eger çöldäkiler sowuk piwo içip, bu garly ýerdäkiler gyzgynjak çaýa höwes etseler, nähili ýerlikli bolardy. Arman, muny tersine edýärler.

Belki-de, bular sowugy sowuk bilen, biziňkiler bolsa tüp yssyny gyzgyn çaý bilen ýeňýändir.

Adamyň görmegi üçin, hem yssy tomus, hem sowuk gyş ýaradylypdyr. Biz bularyň birini görsek, beýlekisini görmek islämizok. Ýöne bularyň her biriniň öz orny bar.

Günbatardakylar häzir garly daglara höwes edýärler.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG