Sepleriň elýeterliligi

Rubl ‘hassalygy’ daşarda bejergi almagy kynlaşdyrýar


Böwrek transplantasiýasyna garaşýan ukrainaly Wolodymyr Lekhno.

Böwrek transplantasiýasyna garaşýan ukrainaly Wolodymyr Lekhno.

Rubluň hümmeti pajygaly ýagdaýda aşaklamagyny dowam etdirip, öten aý ýene bir gezek ozal görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçdy. Munuň agyr azaby bolsa tutuş Orsýetiň hemme ýerinde duýulýar.

Ýöne mundan has ejir çekýän toparlaryň biri - ýurduň daşynda bejergi almaga ýa-da bejergi üçin daşary ýurt walýutasynda pul tölemäge mejbur syrkawlardyr.

"Bu erbet üsgürme we üşütme bilen başlandy. Oglum şol wagt bäş ýaşyndady. Ýaşaýyş edil sakga duran ýaly boldy" diýip, 2011-nji ýylda nähoşlugy rak, ýagny düwnük keseliniň agyr görnüşi diýip kesgitlenen 32 ýaşly Wiktoriýa Aksanowa gürrüň berýär.

Aksanowa alty gezek himioterapiýa edilip, bir gezek hem süňk ýiligi transplantasiýasyny başdan geçiripdir. Ýöne oňa ýene bir ýilik transplantasiýasyny etmeli. Muny hem Ýewropadan getirmeli, ol import edilýän serişde. Bu-da çykdajyly bir iş, rubluň ýewronyň garşylygynda aşa hümmetsizlenmegi hem onuň üstüne urna bolýar.

Haýyr-sahawat guramalary

"Maňa 18 müň ýewro gerek, iki müň hem bu ýerdäki nusgany äkitmek üçin. Elbetde, gaýgy edýärin. Walýuta nyrhyna kontrollyk edip bilemok, asyl bejergä gerekli puly töläp biljegimi-de bilemok. Käbir näsaglar bejergi alyp bilmän ölýärler. Ýagdaý gaty kyn" diýip, Aksanowa aýdýar.

Wiktoriýa Aksanowa.

Wiktoriýa Aksanowa.

Aksanowa 2013-nji ýylda ilkinji gezek transplantasiýa bolanda bir ýewro 42 rubla satylýardy. Rubl ondan bäri öz nyrhynyň ýarpysyny ýitirdi. Aksanowanyň indi transplantasiýa edilmeli çykdaja gurby çatanok.

Bu ýaş zenanyň häzir bar umydy ors haýyr-sahawat guramasy "Adwita". Bu gurama düwnük kesilinden ejir çekýänlere kömek etmäge synanyşýar.

Orsýetdäki beýleki medisina haýyr-sahawat guramalary ýaly ”Adwita-da” täze dörän ykdysady ýagdaýa uýgunlaşmaga çalyşýar.

Kynçylyk çekýän guramalar

"Alyş-çalyş nyrhy 50-60 rubl bolan on sekiz müň ýewro nyrhy 80-90 rubl bolan on sekiz müň ýewrodan bütinleý tapawutly" diýip, ”Adwitanyň” sözçüsi Lada Dawydowa aýdýar.

Ol soňra hem guramanyň kömek edýän syrkawlarynyň köpüsine importirlenen süňk ýiliginiň gerek bolýandygyny sözüniň üstüne goşýar.

Dawydowanyň bellemegine görä, Orsýetde maliýe ýagdaýynyň peselmegi zerarly kömek edýänleriň hem sany azalypdyr.

Wolodymyr Lekhno.

Wolodymyr Lekhno.

"Biz indi has döredijilikli işleýäris. Ozal asla bile işleşmeşdik söwda ugurlarynyň ünsüni çekmek üçin adaty bolmadyk bildiriş kampaniýalary, täzeçe çemeleşmeler bilen çykyş edýäris" diýip, Dawydowa aýdýar.

Rubluň hümmetiniň pese gaçmagyndan Orsýetiň iň uly we işi rowaç "Podari Žizn" atly haýyr-sahawat guramsy-da kynçylyk çekýär.

Ýapylan guramalar

"Gynansak-da, biz indi syrkawlarymyza gerekli harajata hötde gelmek üçin rublda öňküsinden köp pul toplamaly bolýarys. Kömek üçin adamlara ýüz tutup, köpräk hat ýazmak bilen köp wagt sarp edýäris. Hawa, indi öňkülerden has köp işleýäris" diýip, düwnük we beýleki howply kesellere uçran çagarlara kömek edýän guramanyň başlygy Ýelena Çistýakowa aýdýar.

"Predaniýe" atly dini medisina haýyr-sahawat guramasynyň başlygy Wladimir Berhiniň aýtmagyna görä, ozal düýpli iş alyp baran medisina ynsanperwerlik toparlarynyň iň azyndan üçüsi öten ýyl ýapylypdyr.

Rubluň hümmetiniň gowşakdygy sebäpli, bu topar hem geçmişde edişi ýaly, indi köp maşgalalara kömek edip bilenok.

"Men öz ýurdumyzyň geljegine, guramalarymyzyň geljegine hiç haçan umytly garamandym. Häzir hem umytly garamok. Meniň pikirimçe, biziň häzirki ýagdaýda edip bilýän ýeke-täk işimiz doga etmek we köp işlemek" diýip, Berhin aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG