Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt lideri referenduma çagyrýar


 Massud Barzani metbugat ýygnagynda
Massud Barzani metbugat ýygnagynda

Yragyň Kürt awtonom regionynyň prezidenti 2-nji fewralda garaşsyzlyk barada borçlandyrmaýan referendum geçirmäge çagyrdy. Ol regionyň kürtlerini asyrlap bir-birinden aýran milli serhetler «uly ýalňyş» boldy diýdi.

"Wagt geldi we häzirki ýagdaý kürt halkynyň referendum arkaly öz ykballary barada karara gelmegi üçin amatly» diýip, Massud Barzani öz websaýtynda aýtdy.

"Bu referendum döwletliligi jar etmegi aňlatmaýar, eýsemem bolsa kürt halkynyň garaşsyzlyk hakyndaky pikir-garaýyşlaryny bilmegi we kürt syýasy ýolbaşçylarynyň özüne laýyk wagtda we şertlerde halkyň islegini durmuşa geçirmegini aňladýar."

Nebit nyrhlarynyň aşak gaçmagy zerarly dörän ykdysady kynçylyklara garamazdan, soňky ýylyň dowamynda «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşde gazanylan kürt topraklary yrak kürtleriniň arasyndaky garaşsyzlyk arzuwlaryna gaýtadan güýç berdi.

Kürtler soňky ýyllarda, Bagdatdaky federal hökümet bilen häkimiýet we girdeji bölüşmek üstünde dörän oňuşmazlyklara garamazdan, özleriniň Türkiýä barýan nebit geçirijisini gurmak we garaşsyzlyk nebit eksport etmek bilen, öz awtonomiýalaryny berkitdiler.

Emma muňa garamazdan, dünýä boýunça nebit nyrhlarynyň aşak gaçmagy bu regiony ykdysady çökgünlik ýagdaýyna getirdi. Mundanam beteri, garaşsyzlyga tarap ädilen islendik ädim diňe bir Bagdat tarapdan däl, Ankara tarapdan hem berk garşylyk döreder, şol sanda bu ädime Waşingtonda hem garşy çykylar.

Barzani bir asyr ozal regionyň kürtlerini Türkiýe, Yrak, Siriýa we Eýran arasynda bölüp çekilen milli serhetler «uly ýalňyş» boldy diýdi we olaryň «oňaýsyzlyklara, urşa we durnuksyzlyga» sebäp bolandygyny aýtdy.

“Biziň sebitimiz örän köp betbagtçylyga şaýat boldy we olaryň hiç biri kürtler sebäpli bolmady. Kürtler diňe beýlekileriň regiona getiren betbagtçylyklarynyň we konfliktiniň pidalary boldular” diýip, ol aýtdy.

Ol referendum geçirmegiň belli bir wagtyny aýtmady, emma Rudaw.netiň ýazmagyna görä, Barzani kanun çykaryjylara referendumyň Birleşen Ştatlarda noýabrda geçiriljek prezident saýlawlaryndan öň geçirilmegini isleýändigini aýdypdyr.

"Eger Kürdüstanyň halky kimdir başga birleri öz ykbalyňy özüň kesgitlemek hukugyny sowgat hökmünde getirip berer diýip garaşýan bolsa, garaşsyzlyk hiç wagt gazanylmaz. Bu hukuk bar we Kürdüstanyň halky ony talap etmeli we herekete getirmeli" diýip, Barzani aýtdy.

"Şotlandiýanyň, Kataloniýanyň, Kwebegiň we beýleki ýerleriň öz ykballary hakda öz pikirlerini aýtmaga hukuklarynyň bolşy ýaly, Kürdüstanyň hem hukugy bar we bu ara alnyp maslahatlaşylmaly däl."

Käbir synçylaryň pikirine görä, Barzaniniň beýanaty onuň öz syýasy aladalaryndan ünsi sowmak maksadyndan ugur alýar. Onuň prezidentlik ygtyýarlygynyň möhleti geçen ýyl tamam boldy, emma ol kanuny taýdan petige gelip dirändigine garamazdan, wezipede galmagyny dowam etdirýär.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG