Sepleriň elýeterliligi

Eýran lideri Orsýet bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar


Eýranyň ýokary ruhanysy aýatolla Ali Hameneýiniň baş geňeşçisi Orsýet, Yrak hem-de Wenezuela bilen energiýa meselesinde has ýakyn gatnaşyk etmäge çagyrýar.

"Eýran, Orsýet energiýa pudagynda bir-birini bäsdeş hasaplaman, ýakyn hyzmatdaşlyk etmeli» diýip, Ali Akbar Welaýati 3-nji fewralda Moskwa sapary mahalynda aýtdy.

Orsýet nebitiň bahasynyň aşaklamagyny haýallatmak üçin OPEK guramasy bilen has ýokarlandyrylan sazlaşyga çagyrýar we Eýran bu guramanyň içinde baş öndüriji bolup durýar.

Şol bir wagtda Eýran, ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen, nebit öndürijiligini has ýokarlandyrmaga çalyşýar we şu ýylda nebit bahalarynyň peselmegine goşant goşmakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG