Sepleriň elýeterliligi

Ýemende "Al-Kaýda" lideri öldürildi


Birleşen Ştatlaryňky diýip güman edilýän dron Ýemende «Al-Kaýdanyň» ýokary liderini öldürdi.

Abu Hamza lakamly Jalal Belaýdi, «Al-Kaýdanyň» arap ýarymadasyndaky baş komandiri Abian welaýatynda, 4-nji fewral güni irden öldürildi.

Belaýdi, «Al-Kaýda» bilen arasyndaky global basdaşlygyna garamazdan, «Yslam döwleti» jeňçi toparyna duýgudaş diýip bilinýärdi.

Onuň «Al-Kaýdadan» gaçyp, «Yslam döwleti» toparynyň Ýemendäki bölüminiň başlygy bolandygy barada hem habar çykypdy.

XS
SM
MD
LG