Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda Siriýa pidalaryna pul toplanýar


Dünýä liderleri 4-nji fewralda bäş ýyla golaý Siriýa konfliktiniň täsir ýetiren adamlaryna 9 milliard dollar kömek toplamak üçin London maslahatyna ýygnandylar.

Bu maslahata dünýäniň 70 töweregi ýurdundan liderleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Olar Siriýanyň 4.6 million bosgunyna ykdysady we ynsanperwerçilik kömegini etmegiň planlary barada ylalaşmaly.

German kansleri Angela Merkel 2018-nji ýyla çenli siriýa bosgunlaryna 2.6 milliard dollar harçlamagy wada berdi.

Britaniýa 2020-nji ýyla çenli 1.77 milliard dollarlyk täze kömek berjegini aýtdy, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bolsa öz ýurdunyň etjek ýardamyny yglan etmeli.

Halkara sahawatlylyk guramasy bolan «Oksfam» 1-nji fewralda Siriýa bilen bagly köp ýurdy, şol sanda Orsýeti konfliktiň pidalaryna kömek bermezlikde tankytlady.

Siriýa konflikti netijesinde azyndan 250 müň adam öldi, millionlap adam ýurdundan gaçdy.

XS
SM
MD
LG