Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan erkegi bomba planyny boýun aldy


Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti kanzasly erkegiň amerikan harby bazasynda ulag bombasyny partlatmak planyny boýun alandygyny aýdýar.

Ol bu işi «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine kömek etmek niýeti bilen planlaşdyrypdyr.

Federal prokurorlar 3-nji fewralda 21 ýaşyndaky Jon Bukeriň Kanzasda, Manhattandaky Fort Rileý harby bazasynda bomba ýaryp, janyna kast etmegi planlaşdyrandygyny aýtdylar.

Buker öleninden soň görkeziler ýaly wideo düşürip, onda amerikanlara ýüzlenip şeýle diýýär: «Siz öýüňizde otyrsyňyz we bu uruş diňe Yragyň üstünde barýar diýip pikir edýärsiňiz. Şu gün biz «Yslam döwletini» göni siziň işigiňize getireris.»

Jon Buker öz bomba planyny Federal derňew býurosynyň bir agentine gürrüň beripdir we geçen ýylyň aprelinde tussag edildi.

XS
SM
MD
LG