Sepleriň elýeterliligi

Putiniň ýaranlary karikatura žanryna ýüzlenýärler


Orsýetdäki parahorluk we korrupsiýa meselesi ýurduň oppozisiýasy tarapyndan häzirki režime garşy işjeň ulanylýan problemadyr. Ýöne häzirki wagtda prezident Wladimir Putiniň tarapyny tutýan “Bütinrussiýa Halk Fronty (ONF)” atly milli gurama, karikatura žanryny ulanyp, Putini korrupsiýa garşy berk göreşýän ýolbaşçy edip görkezmäge çalyşýar.

Geçen ýylyň dowamynda, korrupsiýa bilen aýyplanýan we özlerini aklamaga çalşan käbir regionlarynyň baştutanlarynyň ýanynda, olary üns bilen diňläp duran Putini görkezýän karikaturalar çap edildi. Her karikaturada, Putin elindäki abzalyň düwmesine basan badyna, parahordugy aýdylýan başlyk garaňky gorpa gidýär ýa-da ony ýer hopýar.

Meselem, parahor kişi ol görnüşleriň birinde hajathanada suw goýberilende, gürüm-jürüm bolýar, beýlekisinde parahor başlyk lazer bilen ýakylýar, ýene-de birinde bolsa parahory piranalar, ýagny ownuk ýyrtyjy balyklar iýýärler.

Belkem, bu karikaturalardaky iň täsirli ölüm agaç öndürýän Kareliýa regionynyň tebigy resurslar boýunça ministri Wiktor Çikalýugyňky ölümi bolsa gerek. Ol ýolbaşçy byçgy bilen bölek-bölek edilýär. (Hakykatda Çikalýuk häzir hem Kareliýada wezipe başynda).

Rus žurnalisti Alisa Iwanitskaýa hemme parahorlugyň soňlaryny birleşdirmek bilen karikaturanyň rehimsizligini nygtaýar. Karikatura rehimsiz Putiniň ýalbaryp duranlary yzly-yzyna öldürişini görkezýär.

Bu montažlar Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow we Baş prokuror Ýuri Çaýka ýaly möhüm şahsyýetleriň parahorlukda aýyplanmagy netijesinde ýurtda syýasy ýagdaýlaryň sarsan döwrüne gabat geldi.

BBC telekanalynyň 26-njy ýanwardaky “Panorama” programmasynda Putiniň 16 ýyl häkimiýet başynda galyp, özüne ägirt uly baýlyk toplandygy aýdylýar. Birleşen Ştatlaryň resmisi Putiniň özüni alyp barşyny “korrupsiýanyň suraty” diýip atlandyrdy. Oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý onuň bidüzgünçiliklerini paş etmek bilen milli at-abraýa eýe boldy.

Şol bir wagtyň özünde Russiýa ýaňy-ýakynda Putiniň attutary Çeçenistan respublikasynyň başlygy Ramzan Kadyrowyň, Putiniň garşydaşlaryny “dönük” we “halk duşmany” diýip yglan etmäge çagyrýan beýanaty netijesinde syýasy sarsygyna uçrady. Kadyrowyň şu hepde öz Instagram hasabynda ýurduň öňki premýer-ministri we oppozision lider Mihail Kasýanowyň we oppozision aktiwist Kara-Murzanyň snaýper, ýagny mergen tüpeňiniň nyşanasyna alnandygyny görkezýän wideoýazgy ýaýratdy.

2015-njy ýylyň maý aýynda Kara Murza syrly hassalygyň pidasy boldy. Ol munuň öz syýasy hereketleri sebäpli zäherlenmeginiň netijesidigine ynanýar. Angliýanyň sudunyň öňki Federal Howpsuzlyk Gullugynyň agenti Aleksandr Litwinenkonyň 2006-njy ýylda Londonda öldürilmeginde Putiniň ilteşiginiň bardygy barada ýaýradan hasabaty hem Orsýetdäki syýasy atmosfera güýçli täsir etdi.

Oppozisiýanyň Putiniň hökümetini korrupsiýada aýyplamagy häkimiýetdäki we ykdysady elitadaky şahslara gönükdirilen bolsa, munuň tersine ONF multfilmlerinde o diýen tanalmaýan resmiler bilen baglanyşykly näbelli ýagdaýlar görkezilýär.

Meselem, “Don boýundaky Rostow” aeroportunyň komissiýasynyň müdiri Gennadiý Ýewstafýew muňa degişli diýlip bilner. (Ol aeroportuň awtobusy tarapyndan erbet ýenjilýär). Ýewstafýew wezipesinden çetleşdirilendigine garamazdan, onuň korrupsionerdigi ýa-da para almaga synanyşandygy barada hiç bir subutnama ýok.

Başga bir wideoda 2015-nji ýylyň noýabryndan bäri günorta Sahalin şäheriniň jogapkär resmisi bolup işleýän Iwan Fýodorowy görkezýän karikatura gahrymanynyň üstüne ullakan çigildem gaçyp öldürýär. Ýerli mediada 2015-nji ýylyň dekabrynda habar berlişine görä, Fýodorow henizem öz wezipesini dowam etdirýär.

Sahaliniň öňki häkimi Aleksandr Horoşawiniň rolunda oýandylýan karikatura bolsa, ol, hamana, Putiniň kabinetinde otyrka oturgyjyň aşagynda gazylan gizlin gorpa gaçýar we soňra-da hajathananada suw goýberilýän pursatynyň sesi gelýär. Horoşawin 2014-nji ýylyň aprel aýynda uly korrupsiýada güman edilenden soň, wezipesinden çetleşdirildi. Onuň derňew işi henizem dowam edýär.

Karikaturalar Russiýanyň sentýabr aýynda geçiriljek milli, sebitleýin we ýerli parlament saýlawlaryna taýýarlanylýan döwre gabat geldi. 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Putiniň indi dördünji prezidentlik möhletine dalaş etmegine garaşylýar.

Ozalky prezidentlik saýlawlary döwründe Sankt-Peterburgyň mum muzeýinde gurnalan bir sergide Putiniň harby eşikde “parahor resmileri” palta bilen jezalandyryp duran pursady suratlandyrlypdy. Başga bir sergide bolsa Putiniň we şol wagtky prezident Dmitriý Medwedewiň ata münüp, ony şaha galdyryp duran we “parahorluk ýylanyny” depeläp duran suraty görkezilipdi. Bu surat Aleksandr Puşkiniň “Bürünç atly” atly goşgusyndaky beýik Pýotryň atyň üstünde duran meşhur heýkelini ýatladýar.

“Trasparency International” guramasynyň 2015-nji ýyldaky “Korrupsiýa görkezijisi indeksi” boýunça hasabatynda Russiýa parahorlukda we korrupsiýada Azerbaýjan, Gaýana we Sierre Leone bilen bilelikde 119-njy orny eýeleýär.

XS
SM
MD
LG