Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOT: Aşgabat we Duşenbe ylalaşyp bilmeýär


Türkmen demirýoly
Türkmen demirýoly

Türkmenistan bilen Täjigistan sebitiň üç ýurduny – Türkmenistany, Owganystany we Täjigistany bir-birine baglamaly demirýol liniýasynyň owgan bölegi barada ylalaşyp bilmeýär.

«Gynansak-da, biz entek bu demirýoluň programmalaýyn dokumentine gol çekemizok, sebäbi biziň şindem Türkmenistan bilen arada çözüp bilmedik käbir meselelerimiz bar» diýip, Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda Duşenbede žurnalistlere aýtdy diýip, Asia-Plus neşiri 3-nji fewralda habar berdi.

«Biz Owganystan bilen ähli meseleler boýunça ylalaşyga geldik, onsoň bu ýerde diňe Türkmenistan bilen utgaşdyrmaly käbir aspektler galýar» diýip, ministr aýdypdyr.

Onuň sözlerine görä, täjik hökümeti häzir taraplaryň bilelikde gol çekmeli dokumentini öwrenýär.

«Programmalaýyn dokumente gol çekileninden soň, proekti durmuşa geçirmek boýunça şertnama taýýarlamak mümkinçiligi döreýär we ol şertnama üç ýurduň döwlet baştutanlary tarapyndan gol çekiler» diýip, Ganjalzoda sözüniň üstüne goşdy.

Eger biraz yza çekilsek, sebitiň üç ýurduny bir-birine baglajak TOT demirýol liniýasyny gurmak baradaky düşünişme jarnamasyna 2013-nji ýylyň 20-nji martynda, türkmen, owgan we täjik liderleriniň Aşgabatda bolan duşuşygynda gol çekilipdi.

400 kilometrlik demirýol liniýasy Owganystanyň Akina-Andhoý şäherini Türkmenistanyň Atamyrat-Ymamnazar, Täjigistanyň Panj şäherlerine baglamaly.

Owganystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri TOT demirýol liniýasynyň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda resmi taýdan badalga berdiler. Türkmenistanyň Lebap welaýatynda geçirilen badalga dabarasyna prezidentler Hamid Karzaý, Emomali Rahmon we Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Emma şol dabaradan biraz soň, 2014-nji ýylyň başynda bu proektiň amala aşmagy babatdaky umyda kölege düşdi. Täjigistanyň Demirýol pudagynyň başlygy Amanullo Hukumatullo 29-njy ýanwarda Duşenbede guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Täjigistan bilen Owganystanyň täze guruljak ýoluň owgan bölegi boýunça diňe iki ýurt bolup, özara karara gelendiklerini yglan etdi.

Ol bu ýoluň owgan böleginiň 200 kilometrden biraz uzynrak boljakdygyny, emma başky plandan gysgaldylýandygyny, netijede Täjigistanyň tranzit töleginiň azaljakdygyny aýtdy.

Emma resmi Aşgabat bu habara derhal reaksiýa bildirdi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2014-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndaky beýanatynda täjik resmisiniň aýdan zatlary ret edildi.

Ýöne muňa garamazdan, Aziýanyň Ösüş banky geçen ýylyň dekabrynda TOT proýektine berýän maliýe goldawyny howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli näbelli bir möhlete çenli soňa goýdy.

AÖB-nyň Täjigistandaky hemişelik wekili Si Si Ýu paýtagt Duşenbede guralan brifingde, howpsuzlyk meselesinden başga, bu demirýol proýektiniň Owganystanyň territoriýasyndan geçýän bölegini gurmak üçin ýeterlik maliýe serişdesiniň ýokdugyny hem aýtdy.

Aziýanyň Ösüş banky üç ýurdy bir-birine baglamaly geljeki demir ýoluň tehniki-ykdysady esaslaryny işläp taýýarlamak üçin ozal 9 million amerikan dollary möçberinde serişde goýberipdi.

News.videonews.us websaýtynyň berýän maglumatyna görä, TOT demirýoly proýektiniň jemi bahasy 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolar.

XS
SM
MD
LG