Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Assanjyň tussaglygy bikanun diýýär


Wikileaksyň esaslandyryjysy Julian Assanj, London, 2011.
Wikileaksyň esaslandyryjysy Julian Assanj, London, 2011.

BMG-niň garaşsyz bilermenler topary Wikileaksyň esaslandyryjysy Julian Assanjyň Ekwatoryň Londondaky ilçihanasynda “esassyz tussag” edilendigini, onuň azat edilmelidigini we kompensasiýa berilmelidigini aýtdy.

Bu netije Britaniýa we Şwesiýa tarapyndan ret edildi. Olar Assanjyň seksual hüjüm bilen bagly aýyplamalaryň esasynda ekstradisiýa edilmegini isleýärler.

Britaniýanyň daşary işler ministrligi 5-nji fewralda çap bolan hasabatyň “hiç zady üýtgetmeýändigini” aýtdy we “işçi toparyň pikirine resmi taýdan”garşylyk bildirjekdigini aýtdy.

Assanj Ekwadoryň ilçihanasynda 2012-nji ýylyň iýun aýyndan bäri ýaşaýardy.
Britaniýanyň hökümeti Assanjyň Şwesiýa berilmegi üçin kanuny borjunyň bardygyny aýtdy we Assanjyň kanun esasyndaky tussaglykdan gutulmak üçin meýletin ilçihanada galmagy saýlap alandygyny belledi.

BMG-niň bilermenler toparynyň kararynyň Britaniýada kanuny güýji ýok.

XS
SM
MD
LG