Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa: Göwreli zenanda Zika wirusy tapyldy


Aedes aegypti, sary ysytma keselçiligini ýaýradýan çybynlar bilen geçirilýän medisina synagy, Gwatemalanyň Saglyk ministrligi, 4-nji fewral, 2016.

Aedes aegypti, sary ysytma keselçiligini ýaýradýan çybynlar bilen geçirilýän medisina synagy, Gwatemalanyň Saglyk ministrligi, 4-nji fewral, 2016.

Ispaniýa göwreli zenanda Zika wirusynyň tapylandygyny tassyklady. Bu, Ýewropada şeýle wakalaryň ilkinjisidir.

Saglyk ministrliginiň 4-nji fewralda aýtmagyna görä, zenan ýakynda Kolumbiýadan gaýdyp gelipdir we keseliň oňa şol ýerde ýokaşan bolmagy hasap edilýär.

Çybynyň ýaýradýan we dogabitdi şikeslere sebäp bolýandygy aýdylýar bu wirus Amerikada tutaşdy.

Bütindünýä saglyk guramasy wirusyň howpy bilen baglylykda global derejede adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we onuň kontinentde dört milliona çenli adamyň arasynda we tutuş dünýäde ýaýramagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Zika adatça çybynyň dişlemegi arkaly geçýär. Şeýle-de wirusyň jynsy taýdan geçmegi bilen bagly bir ýagdaý şu hepdede ABŞ-da hasaba alyndy.

Zikanyň öňüni almak we ony bejermek boýunça derman ýok. Häzirki wagtda keselçilik Amerika kontinentlerinde azyndan 26 ýurtda tutaşdy.

XS
SM
MD
LG