Sepleriň elýeterliligi

Tükiýe 70 müň siriýaly serhetden geçdi diýýär


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Onlarça müň siriýaly Aleppo şäherindäki güýçli söweşlerden gaçyp gutulmak üçin Türkiýäniň serhedinden geçýär.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu serhetden geçýänleriň sanynyň 70 müň çemesi bolmagynyň ähtimaldygyny 4-nji fewralda aýtdy, synçy toparlar bolsa 40 müň adam çemesi sany öňe sürýärler.

Siriýanyň hökümet güýçleri Orsýetiň howa zarbalarynyň goldawy bilen ýurduň iň uly şäheriniň golaýynda hüjümlerini güýçlendirdiler.

Gozgalaňçylaryň esasy üpjünçilik ýoly hökümet güýçleri tarapyndan böwetlenenden soň Aleppoda 300 müň adamyň gabawda galandygy aýdylýar.

Dawutoglu Orsýeti we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň beýleki goldawçylaryny Siriýada “uruş jenaýatçylygynda” aýypladylar.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili Igor Konaşenkow Dawutoglunyň tankydyna jogap berip, Türkiýäni Siriýa “goşun salmak üçin güýçli taýýarlyk görmekde” aýyplady.

XS
SM
MD
LG