Sepleriň elýeterliligi

Eýran-Orsýet: 40 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşyldy


Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýati

Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi Ali Akbar Welaýati

Eýran we Orsýet atom elektrostansiýasyny, demirýoly we beýleki proýektleri gurmak boýunça 40 milliard dollarlyk şertnamanyň düýbüni tutdular, diýip Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi 4-nji fewralda aýtdy.

Ali Akbar Welaýati Moskwa eden saparynyň netijesinde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen käbir proýektleri maslahat edendigini aýtdy we Tähranyň Orsýetde atom elektrostansiýasy we demir ýol üçin karz almaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Welaýaty proýektleriň birnäçesine soňky aýlarda gol çekilendigini we olaryň “durmuşa geçirilmegine taýýardygyny” aýtdy.

Şeýle-de Eýran Orsýetden goşmaça ýarag satyn almagy we Orsýetiň iri nebit kompaniýasy “Rosnefte” nebit satmak barada gepleşik geçirýär.

XS
SM
MD
LG